Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý, BMG-nyň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komisary Bilen Duşuşdy

Fuat Oktaý ýer titremelerinden soň harabalyklary üstümizdäki aýyň ahyryna çenli ortadan aýyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

1958130
Prezidentiň Orunbasary Fuat Oktaý, BMG-nyň Bosgunlar Boýunça Ýokary Komisary Bilen Duşuşdy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Filippo Grandi bilen duşuşdy.

Oktaý, paýtagt Ankarada Prezidentiň Kompleksinde bolan duşuşykda, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň harabalyklary üstümizdäki aýyň ahyryna çenli ortadan aýyrmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Fuat Oktaý, ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde harabalyklaryň ortadan aýrylmagy, çadyr we konteýner şäherçeleriniň gurulmagy we şäherleriň ýaňadandan dikeldilmegi meselesinde 3 hepde-de uly öňe gidişlik edilendigini belledi.

BMG-nyň Bosgunlar boýunça ýokary komisary Filippo Grandi bolsa, Türkiýe bilen arkalaşykly hereket etjekdiklerini we Türkiýäniň bu etapda 3 gümrük geçelgesini açyk tutmagynyň ynsanperwer kömekler taýdan möhümdigini nygtady.

 



Degişli Habarlar