Milli Goranmak Ministri Akar Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Akar bilenPanaýotopulos goňşy iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşykalryň ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

1957505
Milli Goranmak Ministri Akar Gresiýaly Kärdeşi Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Gresiýanyň Goranmak ministri Nikos Panaýotopulos bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, Ministr Panapotopulos 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly gynanç bildirdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem Gresiýada birnäçe adamyň ýogalmagyna sebäp bolan otly heläkçiligi zerarly gynanç bildirdi we 6-njy fewralda bolan ýer titremelerinden soň beren goldawlary üçin kärdeşine sagbolsun aýtdy.

İçgin ýagdaýda geçen telefon söhbetdetşliginde, Akar bilen Nikos Panaýotopulos goňşy iki ýurduň arasyndaky özara gatnaşykalryň ösdürilmegi meselesinde ylalaşyk gazandy.

 

 



Degişli Habarlar