Ministr Çawuşoglu, 8-nji Mart Halkara Aýal-Gyzlar Güni Mynasibetli Gutlag Ýüzlenmesini Çap Etdi

Çawuşogly zenanlary halkara aýal-gyzlar güni bilen gutlady.

1956628
Ministr Çawuşoglu, 8-nji Mart Halkara Aýal-Gyzlar Güni Mynasibetli Gutlag Ýüzlenmesini Çap Etdi

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu “Ýer titremelerinden soň alnyp barylýan işlere uly goşant goşýan ähli zenanlara minnetdarlyk bildirýärin, zenan şehitlerimizi uly hormat bilen hatyralaýaryn” diýdi.

Daşary işler ministri Çawuşoglu, 8-nji mart halkara aýal-gyzlar güni mynasibetli gutlag ýüzlenmesini çap etdi.

Ähli zenanlary halkara aýal-gyzlar güni bilen gutlan Çawuşoglu, “Ýurdumyzda başdan geçirlen tebigy betbagçylyk bize ýene-de bir gezek zenanlarymyzyň çydamlylygynyň, batyrgaýlygynyň we agyr şertlere gysga möhletde uýgunlaşma ukybynyň ýitgileriň öweziniň dolunmagynda we öýlerimiziň gaýtadan dikeldilmeginde iň esasy güýjümiz boljakdygyny görkezdi. Ýurdumyz, Zenanlara garşy alalamanyn hem-de basyşyň öňüniň alynmagy, zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyň  ähli ugurlarynda orun tutmagy üçin ygrarly iş alyp barýar” diýdi.

Çawuşogly BMG-niň Adam hukuklary Jarnamasynyň kabul edilmeginiň 75-nji ýylynda zenanlaryň jemgyýetiň ähli gatlaklaryndaky pozisiýasynyň güýçlendirilmegi uğrunda halkara we sebitleýin guramalaryň çäginde alynyp barylýan işlere Türkiýäniň işjeň goşandynyň dowam edýändigini beýan etdi.

Daşary işler ministri Çawuşogly; “Bütin zenanlaryň 8-nji mart Halkara aýal-gyzlar gününi ýene-de bir gezek gutlap, bize kömek elini uzadan milletler bilen bilelikde ýer titreme betbagtçylygyndan bäri alynyp barylýan işlerde alynky hatarda orun tutan zenanlara minnetdarlygymyzy bildirip, zenan şehitlerimize alladan rehmet dileýärin” diýdi.



Degişli Habarlar