Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

Prezident Rejep Taýýip Erdogan, höweslendiriş çärelerini artdyryp, öňümizdäki günlerde ýer titremäniň ýaralaryny bejermeklerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi

1953373
Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň TBMM-däki maslahatynda çykyş etdi

Prezident Erdogan Adalat we ösüş partiýasynyň Türkiyäniň Beýik Millet mejlisindäki maslahatynda söz sözledi. 

"Ýurt hökmünde Asyryň Betbagtçylygy hökmünde häsýetlendirilýän, 6-njy fewralda başdan geçirilen 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň bolan we iň ulusy 6,6 bal ululygyna eýe bolan 11 müň 400-den gowrak ýer yranmasyny başymyzdan geçirdik" diýip aýdan Prezident Erdogan sebitdäki welaýatlarda uly weýrançylyklara sebäp bolan ýer titremeleriň häzirki günlerde hem dowam edýändigini mälim etdi. 

"Başymyzdan geçirýän tapgyryň kadaly bir ýagdaý bolmandygyny ýurdumyzdaky we dünýädäki ähli alymlar aýdýar" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Türkiye ýer titreme tupanyna sezewar galdy" diýip beýan etdi. 

Ýer titremeden soň şäherleriň tiz wagtda dikelmegi üçin Tebigy apat ýaňadandan dikeldiş gaznasynyň dörediljekdigini aýdan Prezident Erdogan, höweslendiriş çärelerini artdyryp, öňümizdäki günlerde ýer titremäniň ýaralaryny bejermeklerini dowam etdirjekdiklerini habar berdi. 

Prezident Erdogan: "Türkiýe milli töwekgelçilik galkany modelini emele getirmegi meýilleşdirýäris we ilkinji maslahaty anna güni geçireris" diýip aýan etdi. 

Prezident Erdogan ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde 468 müň 31 ýaşaýyş öýüniň guruljakdygyny, onuň 392 müň 350-siniň ýaşaýyş jaýdan, 75 müň 681-siniň bolsa oba jaýlaryndan ybarat boljakdygyny mälim etdi. 



Degişli Habarlar