Prezident Erdogan Adyýamanda saparda bolýar
Prezident Rejep Taýýip Erdogan: "Ýer titremäniň agyr netijeleriniň hötdesinden takmynan 1 ýylyň içinde geljekdigimiz barada söz berýärin" diýip belledi

Prezident Erdogan güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremeleriniň täsir ýetiren sebitlerinde gözegçilik işlerini geçirmek maksady bilen giden Adyýaman welaýatynda beýannama berdi.
"Şäherleri özgertmek taslamalaryny tizleşdirmek başda bolmak bilen ähli şäherlerimizi iň gysga möhletde tebigy apatlara taýarlykly ýagdaýa getirmek üçin näme etmeli bolsa ederis" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Ýer titreme sebitinde ýerüsti barlaglary tamamlanyp, gurluşyk tapgyryna gelinen ýaşaýyş jaýlaryň sany 309 müňe ýetdi. Adyýamanda takmynan 50 müň ýaşaýyş jaý gurarys. Mikro sebit we geologiki gözlegler tamamlanan ýerlerde çalt depginler bilen gurluşyga başlaýarys" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan: "Ýer titreme sebiti müňlerçe ýyllyk medeniýetlere ýer eýeçiligini eden, müň ýyl bäri sazlaşyk içinde ýaşan şäherlerimiziň strukturalaýyn gurluş taýdan üýtgemegine gözümizi ýummarys. Şäheriňize eýe çykyň, ata ýurdupyzy asla hemişelik häsýetde terk etmäň. Ýumrulan her ýaşaýyş jaýynyň has gowusyny, owadanyny, howpsuzyny, täzesini gurup bereris" diýip mälim etdi.