1-nji Ýanwardan Bäri 261 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Ministr Akar, ýer titremeleriniň yzy ýanyndan Türk ýaragly güýçleriniň ähli agzalarynyň gyssagly işe girişendigini belledi.

1951441
1-nji Ýanwardan Bäri 261 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 1-nji ýanwardan bäri 261 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini aýtdy.

Akar, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Kilise bardy.

Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we güýç serkerdeleri bilen Kilise baran Ministr Akar, ýer titremeleriniň yzy ýanyndan Türk ýaragly güýçleriniň ähli agzalarynyň gyssagly işe girişendigini belledi.

Hulusi Akar, esgerleriň şol günden bäri wezipesini üstünlikli ýerine ýetirýändigini nygtady.

Türk ýaragly güýçleriniň beýleki tarapdan terrora garşy egilşiksiz göreşini hem dowam etdirýändigini aýdan Akar “2015-nji ýylyň 24-nji iýunynda terrora garşy göreşde täze döwür başlady. Şol günden bäri 37 müň 601 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Yragyň we Siriýanyň demirgazygynda 1-nji ýanwardan bäri 261 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylaryň öýjüklerini, hinlerini we gaçybatalgalaryny olaryň başyna ýykdyk we ýykmaga dowam ederis” diýip belledi.

Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynda “Penje-Gulp” operasiýasynda uly öňe gidişlik edilendigini aýdan Akar, operasiýanyň çäginde häzire çenli 523 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýdi.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar