Akar: "Siriýalylar öz topraklaryna meýletin ýagdaýda gitdiler" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, 6-njy fewralda başdan geçirilen 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerden soň 10 müň 633 siriýalynyň öz topraklaryna meýletin ýagdaýda gaýdandygyny habar berdi

1948283
Akar: "Siriýalylar öz topraklaryna meýletin ýagdaýda gitdiler" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Baş Ştabyň Başlygy Ýaşar Güler bilen serhet zolagyna gury ýerden we howadan syn etdi, serhetdäki serhet birikmelerine gözegçilik etdi. 

Ilki bilen Ýaýladagy gümrük geçelgesine baran Milli Goranmak ministri Hulusi Akar ol ýerde alynyp barylýan işlere syn etdi. Gümrük geçelgesiniň resmilerine Siriýaly bosgunlar bilen bagly öňe sürmeleri ýatladan Akara resmiler: "Bu ýerden hiç kim girenok. Gaýtam tersine galýan ýerlerine zyýan ýeten siriýalylar öz topraklaryna birtaraplaýyn häsýetde çürt-kesik gaýdýarlar" diýip jogap berdi. 

Hulusi Akar mesele bilen bagly resmilerden maglumat alandyklaryny belläp: "Mesele bilen bagly resmilerden maglumat aldyk, ýerinde gözegçilik işlerini geçirdik. Türkiyä geçişleriň köplügi bilen bagly öňe sürmeleriň tersine birtaraplaýyn häsýetde ýagny Türkiyeden Siriýa tarap siriýaly raýatlaryň geçýändigini aýdyp bileris. Ýer titremede maşgalalaryndan, galýan ýerlerinden mahrum bolan siriýaly doganlarymyzyň öz topraklaryna meýletin ýagdaýda gaýdyp gidýändiklerini aýtdylar. Ýer titremeden soň 10 müň 633 siriýaly öz topraklaryna meýletin ýagdaýda gaýtdy. Şol sebäpli alan maglumatlarymyzyň esasynda köpçülikleýin ýagdaýda ne serhetden ne-de gümrük geçelgelerine ýurdumyza hiç hili geçiş bolmady" diýip beýan etdi. 



Degişli Habarlar