Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 40 Müň 642 Adama Ýetdi

"Gözleg we halas ediş işleri ertir agşam umuman alnanda bes ediler"

1948144
Ýer Titremelerinde Ýogalanlaryň Sany 40 Müň 642 Adama Ýetdi

6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraşda we 11 welaýatda uly ýitgi çekilmegine sebäp bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde ýogalanlaryň sany 40 müň 642 adama ýetdi.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasynyň başlygy Ýunus Sezer, beren beýannamasynda “Ýer titremelerinde 40 müň 642 raýatymyz ýogaldy. Gözleg we halas ediş işleri ertir agşam umuman alnanda bes ediler. Gözleg we halas ediş işleri Hataý welaýatynda güýçli depginde 13 müňe golaý hünärmeniň gatnaşmagynda dowam edýär” diýdi.

Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja hem Hataýda metbugata beýannama berdi.

Ministr Koja, ýer titremesi sebäpli Hataýda 6 müň 108, beýleki welaýatlarda bolsa jemi 21 müň 859 adamyň hassahanada bejergi alýandygyny, 13 müň 612 adamyň bejergisiniň bolsa tamamlanandygyny nygtady.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar,  Baş ştabyň başlygy goşun generaly Ýaşar Güler we beýleki güýç serkerdeleri bilen birlikde Antakýa bardy.

Hulusi Akar dowam edýän gözleg we halas ediş işleri hakynda maglumat aldy.



Degişli Habarlar