Harabalyklardan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

278 sagat soň 45 ýaşyndaky Hakan Ýasinoglu halas edildi

1948039
Harabalyklardan Umytly Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň geçirilýän gözleg we halas ediş işleri güýçli depginde dowam edýär.

Ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan şatlykly habarlaryň gelmegi Türkiýäni umytlandyrýar.

Hataý welaýatynyň Defne etrabynda düýn ýer titremesinden 278 sagat soň 45 ýaşyndaky Hakan Ýasinoglu, gözleg we halas ediş topary tarapyndan harabalyklaryň aşagyndan çykaryldy we hassahanada bejergi astyna alyndy.

6-njy fewralda bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremelerinde müňlerçe adam ýogaldy. Ýer titremeleri “asyryň tebigy apaty” hökmünde häsiýetlendirildi.

 



Degişli Habarlar