Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 18 Müň 991 Adama Ýetdi

Prezident Erdogan, ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 18 müň 991 adama, ýaralananlaryň sanynyň hem 75 müň 523 adama ýetendigini aýtdy.

1944964
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 18 Müň 991 Adama Ýetdi

Güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda duýulan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 18 müň 991 adama ýetdi.

Ýer titremesiniň başdan geçirlen sebitlerine iş saparyny guraýan Prezident R. T. Erdogan, Adyýamanda beren beýannamasynda, ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 18 müň 991 adama, ýaralananlaryň sanynyň hem 75 müň 523 adama ýetendigini aýtdy.

Prezident Erdogan, ýer titremesi sebäpli ejir çeken 76 müňden gowrak adamyň hem başga welaýatlara göçürlendigini ýatlatdy.

 

 



Degişli Habarlar