Erdogan Ýer Titremesinden Zeper Ýeten Sebitlere Saparyny Dowam Etdirýär

Erdogan 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan we 10 welaýatda weýrançylyklara getiren ýer titremeden soň iş saparyny dowam etdirýär.

1944977
Erdogan Ýer Titremesinden Zeper Ýeten Sebitlere Saparyny Dowam Etdirýär

Prezident R.T.Erdogan 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan we 10 welaýatda weýrançylyklara getiren ýer titremeden soň iş saparyny dowam etdirýär.

Erdogan şu gün agyr ýitgi çeken welaýatlardan biri bolan Adyýamana bardy.

Şäherde gözleg we halas ediş işleri hem-de kömekler hakynda maglumat alan, ýagdaýlar bilen tanyş bolan Prezident Erdogan Adyýaman uniwersitetiniň stadionunda gurlan çadyr şäherçesinde beýannama berdi.

Kahramanmaraşda bolan ýer titremesinde çekilen adam pidasy 18,991-e, ýaralananlaryň sany 75,523-e ýetendigini aýdan Erdogan, 76 müňden gowrak adamyň başga şäherlere getirilendigini beýan etdi.

Türkiýedäki resmi-resmi däl ähli gözleg-halas ediş toparlary bilen dünýäniň çar tarapyndan gelen ähli halas ediş toparlary bilen iş alynyp barylýandygyny beýan eden Erdogan; “Ýer titremäniň täsiri 10 welaýata we 500 inedördül kilometrlik meýdana ýetendigi üçin işimiz gynasagam kyn” diýdi.

Erdogan 6-njy fewralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Kahramanmaraş, Hataý, Adana, Gaziantep, Osmaniýe we Kilis welaýatlaryna iş saparyny gurapdy.

 



Degişli Habarlar