Weýran bolan binalaryň harabalyklarynyň arasyndan umytlandyrýan habarlar gelmäge dowam edýär

Ençeme sagat geçmegine garamazdan harabalyklardan umytlandyrýan habarlar gelip gowuşmaga dowam edýär

1944297
Weýran bolan binalaryň harabalyklarynyň arasyndan umytlandyrýan habarlar gelmäge dowam edýär
unzile sevimli.jpg

Türkiyäni berk sarsan 6-njy fewraldaky güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremelerde ýüzlerçe gözleg we halas ediş topary we müňlerçe meýletin adam harabalyklaryň aşagyndan umytlandyrýan habarlar bermek üçin arman-ýadaman işleýärler. 

Ençeme sagat geçmegine garamazdan harabalyklardan umytlandyrýan habarlar gelmäge dowam edýär.

Gaziantepiň Islahiýe etrabynda 17 ýaşyndaky Ünzile Sewimli binanyň harabalyklarynyň arasyndan 78 sagat soň diri ýagdaýda çykaryldy. 

Ersin we Mustafa Tabur bilen kakalary Mithat Tabur hem 76 sagat soň halas edildiler. 

Adanada ýer titremede çöken bir binanyň harabalyklarynyň aşagyndan galan zenan, ýer titremeden 75 sagat soň çykaryldy. 

Kahramanmaraşda 72 sagat soň binalaryň biriniň aşagyndan 72 ýaşyndaky Ismail Altynoluk, 73 sagat soň bolsa biri 5 ýaşynda çaga bolan 3 adamdan ybarat maşgala, 70 sagat soň 49 ýaşyndaky Duran Şeker, 68 sagat soň 80 ýaşyndaky bir zenan halas edildi. 

Diýarbakyryň Baglar etrabynda hem binalaryň biriniň harabalyklarynyň aşagyndan 72 sagat soň bir zenan çykaryldy. 

Hataýda weýran bolan bir binanyň harabalyklarynyň aşagyndan 72 sagat soň 4 adam halas edildi, 1-i çaga  2 daşary ýurtly raýat 67 sagat soň, Kyrykhan etrabynda hem ýer titremeden 68 sagat soň 3-si çaga jemi 6 adam harabalyklaryň aşagyndan diri ýagdaýda çykaryldy. 7 aýlyk bäbek hem ýer titremeden 66 sagat soň harabalyklaryň aşagyndan halas edildi. 

Adyýamanda harabalyklaryň aşagyndan 36 ýaşyndaky bir erkek ýer titremeden 77 sagat soň, eje we 2 gyzy ýer titremeden 65 sagat soň, Şanlyurfa welaýatynyň Birejik etrabynda hem bir zenan 69 sagat soň ýaraly ýagdaýda çykaryldy. 



Degişli Habarlar