Prezident Erdogan ýer titremäniň başdan geçirilen sebitde saparda bolýar
Prezident Rejep Taýýip Erdogan, 6-njy fewralda güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 14 müň 14 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 63 müň 794 adama ýetendigini habar berdi

Düýn Kahramanmaraş şäherinde, Pazarjyk etrabynda, Hataý şäherinde, Iskenderun etrabynda we Adanada edilýän işlere gözegçilik edip, maglumat alan, zyýan çeken adamlar bilen duşuşyk geçiren Prezident Erdogan şu gün bolsa Gaziantepe bardy.
Gaziantepde gözegçilik işlerini geçiren, gözleg we halas ediş işleri barada maglumat alan Prezident Erdogan ol ýerde beren beýanatynda, güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren ýer titremede ýogalanlaryň sanynyň 14 müň 14 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 63 müň 794 adama ýetendigini habar berdi.
Ýer titremäniň bolan pursadyndan başlap döwlet hökmünde ähli guramadyr-edaralary bilen işe girişendiklerini aýdan Prezident Erdogan, 1 ýylyň içinde öýleri ýumrulan raýatlara täze ýaşaýyş öýleriniň gurulyp beriljekdigini belläp: "Bir tarapdan konteýner önümçilik işlerimiz bar, beýleki tarapdan bolsa daşary ýurtlardan geljek konteýnerlerimiz bar. Geljek konteýnerleri 10 welaýata paýlarys" diýip mälim etdi.