Erdogan Ýer Titremesiniň Bolan Sebitlerine Baryp Gördi

Prezident R.T.Erdogan 6-njy fewralda Kahramanmaraş welaýatynda bolan ýer titremelerinden zyýan çeken sebitlere bardy.

1944071
Erdogan Ýer Titremesiniň Bolan Sebitlerine Baryp Gördi

Hataý welaýatynda alynyp barylýan işler bilen tanyş bolan Erdogan, sebitde iş alyp barýan ministrlerden gözleg we halas işleri hakynda maglumat alandan soň metbugata beýannama berdi.

Erdogan; “Taryhymyzyň iň uly ýer titreme apatyndan birini başdan geçirdik. Dünýäde seýrek gabat gelýän iki ýer titreme gynansagam 10 welaýatymyzda agyr çekilmegine sebäp boldy” diýdi.

Erdogan Hataý welaýatynyň bu tebigy apatdan iň uly ýitgi çeken, iň agyr adam pidasyna sezewar bolan şäherleriň başynda durýandygyny aýtdy.

Döwletiň we milletin ähli mümkinçiliklerini mobilizläp, tebigy apat sebitine gönükdirýändigini beýan eden prezident, döwlet gullukçylaryndan jemgyýetçilik guramalarynyň agzalaryna, daşary ýurtlardan gelen gözleg-halas ediş toparlaryndan meýletinlere, sany 60 müňe ýetýän adamyň gözleg we halas ediş işlerinde hem-de beýleki kömekçi uğurlarda irginsiz işleýändigini mälim etdi.

Ýer titremesinden soň 60-dan gowrak ýurtdan goldawyň we kömegiň gelendigini, olaryň ählisiniň atlarynyň beýan ediljekdigini nygtan Erdogan, Azerbaýjanyň, Ysraýylyň, Saud Arabystanynyň, Kataryň, Kuweýdiň kömek berendigini we goldawlaryny dowam etdirjekdiklerini beýan edendiklerini, material, pul serişdesi we zerurlyk duýulýan önümdir serişdeleriň ugradylandygyny aýtdy.

Prezident Erdogan soň bolsa Hataý welaýatynyň İskenderun etrabyna we Adana şäherine baryp gördi.

Erdogan Hataý welaýatyndan ozal Kahramanmaraşa baryp, alynyp barylýan işler bilen ýerinde tanyş bolupdy.

 



Degişli Habarlar