Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 5 Müň 894 Adama Ýetdi

Fuat Oktaý, 6-njy fewralda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 5 müň 894, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 34 müň 810 adama ýetendigini mälim etdi.

1943441
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 5 Müň 894 Adama Ýetdi

Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 5 müň 894 adama ýetdi.

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý, 6-njy fewralda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 5 müň 894, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 34 müň 810 adama ýetendigini mälim etdi.

Güýç merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremsinde 5 müň 775 binanyň ýykylandygyny aýdan Oktaý, 8 müňe golaý adamyň sag aman halas edilendigini belledi.

Fuat Oktaý “Gözleg we halas ediş işlerimiz dowam edýär. Harabalygyň aşagynda galan soňky raýatymyzy çykarýançak gözleg we halas ediş işlerimiz dowam eder” diýdi.

Prezidentiň orunbasary Oktaý, gözleg, halas ediş we kömek işlerine 60 müň 218 adamyň gatnaşýandygyny belledi.

 



Degişli Habarlar