Prezident Erdogan ýer titremäniň başdan geçirilen sebite bardy

Prezident Erdogan ilki bilen Kahramanmaraşa bardy

1943801
Prezident Erdogan ýer titremäniň başdan geçirilen sebite bardy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan 6-njy fewralda başdan geçirilen we güýç merkezi Kahramanmaraş welaýaty bolan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremeleriň täsir ýetiren sebitlerde gözegçilik işlerine geçirmek maksady bilen sebite gitdi. 

Prezident Erdogan ilki bilen Kahramanmaraşa bardy. 

Prezident Erdogan Kahramanmaraş welaýatynda Içeri işler ministri Süleýman Soýludan we beýleki resmilerden ýer titremeden soň başladylan işler barada maglumat aldy. 

Prezident Erdoganyň Kahramanmaraş şäheriniň merkezindäki çadyr düşelgä barmagy, ondan soň bolsa Pazarjyk etrabyna barmagyna garaşylýar. 

Prezident Erdognyň ondan soň bolsa Hataý welaýatynda gözegçilik işlerini geçirmegi meýilleşdirilýär. 

Prezident Erdogan bilen birlikde sebite Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altun we Prezidentiň metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn hem gitdi. 



Degişli Habarlar