Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 3 Müň 381 Adama Ýetdi
Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal, Elbistan etrabynda bolan 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 3 müň 381 adama ýetdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 3 müň 381, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 20 müň 426 adama ýetendigini mälim etdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda düýn ir sagat 04.17-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal, Elbistan etrabynda hem Türkiýe wagty bilen 13.24-de 7,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
10-dan gowrak welaýatda hem duýulan ýer titremesinden soň, halkara derjesinde beriljek kömekleri hem öz içine alýan 4-nji derejede adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna geçildi.
Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.