Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 2921 Adama Ýetdi
Merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2 müň 921, ýaralananlaryň sany 15 müň 834 adama ýetdi

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal, Elbistan etrabynda bolan 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2921 adama ýetdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 2 müň 921, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 15 müň 834 adama ýetendigini mälim etdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda düýn ir sagat 04.17-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal, Elbistan etrabynda hem Türkiýe wagty bilen 13.24-de 7,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
10-dan gowrak welaýatda hem duýulan ýer titremesinden soň, halkara derjesinde beriljek kömekleri hem öz içine alýan 4-nji derejede adatdan daşary ýagdaý dolanşygyna geçildi.
Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan bilen Stoltenberg NATO-nyň giňelmek etaby hakynda pikir alyşdy