Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 2316 Adama Ýetdi

Ýeriň 7 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 6 müň 217 binanyň ýykylmagyna sebäp boldy.

1942733
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 2316 Adama Ýetdi

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda bolan 7,7 we Elbistan etrabynda bolan 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 2316 adama ýetdi.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň ýolbaşçylaryndan Orhan Tatar ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 2316, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 13 müň 293 adama ýetendigini mälim etdi.

Ýeriň 7 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 6 müň 217 binanyň ýykylmagyna sebäp boldy.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar hem Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Koja bilen birlikde beren beýannamasynda, 17 uçar bilen ynsanperwr kömeginiň ýetirilmegi üçin howa koridorınıň açylandygyny belledi.

Ýer titremesi 10-dan gowrak welaýatda duýuldy.

Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda ir sagat 04.7-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal ululygynda, Elbistan etrabynda bolsa 13.24-de 7,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.

 



Degişli Habarlar