Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 1651 Adama Ýetdi

Ýer titremesinde 3471 bina hem ýykyldy

1942709
Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 1651 Adama Ýetdi

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda bolan 7,7 we Elbistan etrabynda bolan 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 1651 adama ýetdi.

Saglygy gorayş ministri Fahrettin Koja, ýer titremesi hakynda metbugata beren beýannamasynda merkezi Kahramanmaraş bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 1651 adama, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 11 müň 119 adama ýetendigini nygtady.

Ýer titremesinde 5606 binanyň hem ýykylandygy bellenildi.

Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda ir sagat 04.17-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal, sagat 13.24-de hem Elbistan etrabynda 7,6 bal ululygynda ýer titremesi boldy.



Degişli Habarlar