Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 1121 Adama Ýetdi
Ýer titremesinde ýaralananlaryň sany bolsa 7634 adama ýetdi

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 1121 adama ýetdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň ýolbaşçylaryndan Orhan Tatar ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 1121, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 7634 adama ýetendigini mälim etdi.
Ýeriň 7 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 2834 binanyň ýykylmagyna sebäp boldy. Ýer titremesi 10-dan gowrak şäherde duýuldy.
Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtgynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda ir sagat 04.17-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan Bilen Ýens Stoltenberg Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Fidan bilen Stoltenberg NATO-nyň giňelmek etaby hakynda pikir alyşdy