Ýer Titremesinde Ýogalanlaryň Sany 1014 Adama Ýetdi
Ýeriň 7 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 2824 binanyň ýykylmagyna sebäp boldy.

Kahramanmaraşyň Pazarjyk etrabynda ir sagat 04.17-de bolan 7,7 bal ululygyndaky ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 1014 adama ýetdi.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň başlygy Ýunus Sezer, ýer titremesinde ýogalanlaryň sanynyň 1014, ýaralananlaryň sanynyň bolsa 5385 adama ýetendigini mälim etdi.
Ýeriň 7 kilometr aşagynda bolan ýer titremesi 2824 binanyň ýykylmagyna sebäp boldy. Ýer titremesi 10-dan gowrak şäherde duýuldy.
Ýykylan binalaryň ýerleşýän ýerlerinde gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.
Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD-yň internet saýtgynda berlen habara görä, Kahramanmaraşda ir sagat 04.17-de ýeriň 7 kilomatr aşagynda 7,7 bal ululygynda ýer titremesi boldy.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankara şäherinde diplomatik gepleşikler geçirdi