Ýer Titremesi Sebäpli 7 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Erdogan, Türkiýede bolan ýer titremesi sebäpli 7 günlük milli ýasyň yglan edilendigini mälim etdi.

1942720
Ýer Titremesi Sebäpli 7 Günlük Milli Ýas Yglan Edildi

Prezident R. T. Erdogan, Türkiýede bolan ýer titremesi sebäpli 7 günlük milli ýasyň yglan edilendigini mälim etdi.

Prezident Erdoganyň permanynda “2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda ýurdumuzda bolan ýer titremesi sebäpli 7 günlük milli ýas yglan edildi. Türkiýäniň çar tarapynda we daşary ýurtlardaky wekilhanalarymyzda 2023-nji ýyly 12-nji fewaralyna ýekşenbe günü gün batýança baýdaklar ýarysyna çenli aşakladylar” diýildi.

Kahramanmaraşyň Pazarjyk we Elbistan etraplarynda bolan we 10 welayatda duýulan 7,7 we 7,6 bal ululygyndaky ýer titremesi sebäpli 1651 adam ýogaldy, 11 müňden gowrak adam hem ýaralandy.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar