Prezident Erdogan: "Häzirki wagta çenli 912 raýatymyz ýogaldy" diýdi
Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) Koordinasiýa merkezindäki netijelendirmeden soň metbugat ýygnagyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etraby bolan we ýurduň 10 welaýatyna täsir ýetiren ýer titreme bilen baglanşykly: "Häzirki wagta çenli 912 raýatymyz ýogaldy, 5 müň 385 raýatmyz ýaralandy" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherindäki Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) Koordinasiýa merkezindäki netijelendirmeden soň geçiren metbugat ýygnagynda: "Şu gün gije sagat 04:17-de, soňky 1 asyrda başymyzdan geçiren 1939-njy ýyldaky Erzinjan ýer titremesinden soňky iň uly ýer titreme boldy. Döwletimiz ýer titreme bolanyndan başlap ähli guramadyr-edaralary bilen işe girişdi, gubernatorlyklarymyz öz welaýatlaryndaky ähli mümkinçiliklerini ulanýarlar. Häzirki wagtda 9 müň işgär gözleg we halas ediş işlerini alyp barýar, sebite daşarydan gelýänler bilen birlikde şol san barha artýar. Häzirki wagta çenli 912 raýatymyz ýogaldy, 5 müň 385 raýatmyz ýaralandy" diýip habar berdi.
Prezident Erdogan ýer titremäniň uly weýrançylyklara sebäp bolan welaýatlarynda binalaryň aşagynda galan adamlaryň anyklanmagy we halas edilmek işleriniň arakesmesiz ýagdaýda dowam edýändigini aýan etdi.
Prezident Erdogan harabalyklaryň aşagyndan halas edilen adamlaryň sanynyň 2 müň 470-e, ýumrulandygy hasaba alynan binalaryň sanynyň 2 müň 818 adama ýetendigini mälim etdi.
Prezident Erdogan: "Halkara ynsanperwer kömekler üçin hem ýurdumyz bilen aragatnaşyga geçilmäge başlandy. NATO we Ýewropa Bileleşigi bilen birlikde dünýäniň 45 ýurdunyň kömek baradaky teklipleri bize gelip gowuşdy" diýip habar berdi.
Degişli Habarlar

Hakan Fidan paýtagt Ankarada diplomatik gepleşikler geçirdi
Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan paýtagt Ankara şäherinde diplomatik gepleşikler geçirdi