Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Prezidentiň orunbasary Fuat Oktaý Bolgariýanyň Prezidentiniň orunbasary Iliýana Ýatowa bilen duşuşdy.

1941245
Oktaý Bolgar Kärdeşi Bilen Duşuşdy

Oktaý paýtagt Ankarada  geçirilen duşuşykda Türkiýe-Bolgariýa gatnaşyklarynyň eý ebolan potensialyna we artýan hyzmatdaşlyk zerurlyklaryna ünsi çekip, özara gatnaşyklaryň depgininiň hasam güýçlenmegini arzuw etdi.

Fuat Oktaý Türkiýäniň garanyş senagaty pudagynda hyzmatdaşlyga we Bolgariýanyň harby goşunlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmaga taýýardygyny hem beýan etdi.

Bolgariýanyň Prezidentiniň orunbasary Iliana Ýatowa bolsa Türkiýäniň Ukraina-Russiýa söweşinde Prezident R.T.Erdoganyň öňbaşçylygyndaky başlangyçkaryna we parahatçylyk ugrundaky tagallalaryna kanagatlanma bildirdi.

Duşuşykda terrorizme garşy göreş we bikanun migrasiýanyň öňüniň alynmagy yzgiderli hyzmatdaşlyk talap edýän esasy ugurlar hökmünde beýan edildi.



Degişli Habarlar