Antalýa Syýahatçylaryň Üns Merkezinde Galmaga Dowam Edýär

Antalýa 2023-nji ýylyň ilkinji aýynda 219,647 dalary ýurtly syýahatçyny kabul etdi.

1941109
Antalýa Syýahatçylaryň Üns Merkezinde Galmaga Dowam Edýär

Koronawiru pandemiýasynda “Howpsuz syýahatçylyk şahadatnamasy” maksatnamasy bilen syýahatçy kabul etmäge dowam eden we geçen 13,5 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul eden Antalýa 2023-nji ýyla ýokary görkezijiler bilen başlady.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä 2023-nji ýyl üçin ýokary netijelere garaşýan şähere howa ýoly bilen gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sany geçen ýyl bilen deňeşdirilende 58 göterim ýokarlap, 219,647 adama ýetdi.

Russiýa Antalýa syýahatçy ugradan ýurtlaryň  sanawynda birinji orny eýeleýär.

Ýanwar aýynda Russiýadan Antalýa 71,752 myhman geldi, ikinji orunda durýan Germaniýadan 35,214, üçünji orny eýeleýän Britaniýadan bolsa 13,512 syýahatçy geldi.



Degişli Habarlar