Hulusi Akar: "Hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezilýär" diýdi

Hulusi Akar, Yragyň demirgazygyndaky Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby bazalara guralýan hüjümler bilen baglanşykly: "Wagtal-wagtal hüjümler bolýar. Olara şol bada artykmajy bilen garşylyk görkezilýär" diýip habar berdi

1940691
Hulusi Akar: "Hüjümlere artykmajy bilen garşylyk görkezilýär" diýdi

Türkiyäniň Milli Goranmak ministr Hulusi Akar, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde (TBMM) Adalat we ösüş partiýasynyň topariçi maslahatyndan ozal Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky Türkiýäniň Ýaragly güýçlerine degişli harby bazalara guralýan hüjümler bilen baglanşykly soraglara jogap berdi. 

Hulusi Akar Türkiyäniň Ýaragly güýçleriniň terrora garşy göreşiniň dowam edýändigine ünsleri çekip: "Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli bu göreş dowam eder. Siriýanyň demirgazygynda, Yragyň demirgazygynda göreşimizi arakesmesiz ýagdaýda, artýan temp bilen terrory, terrorçyny gözbaşynda ýok etmek maksady bilen dowam etdirýäris. Esgerlerimiz aşa sowuk we garly howa garamazdan artýan bir erjellik we tutanýerlilik bilen batyrgaýlyk bilen göreşini dowam etdirýär. Wagtal-wagtal hüjümler bolýar. Olara şol bada artykmajy bilen garşylyk görkezilýär. Oňa hiç kim şübhe etmesin. Iň soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä çenli bu göreş dowam eder" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar