Bu gije Regaip gijesi

Yslamda 5 mübärek gijäniň biri bolan Regaip gijesi şu gün ýerine ýetiriler

1938415
Bu gije Regaip gijesi

Türkiyäniň Din işleri guramasynyň başlygy Ali Erbaş, Regaip gijesi bilen bagly ýüzlenme çap etdi. 

Ali Erbaş ýüzlenmesinde: "Bu gijäni ählitaraplaýyn ajaýyp bir durmuşyň we mertebeli bir tutumyň miladyna öwüreliň" diýip belledi. 

Ali Erbaş: "Durmuşymyzy iman, ylym, danalyk we hakykat bilen baky älemde ýüzümizi güldürjek ýagşylyklarymyzy köpeltmek üçin tagalla edeliň" diýdi. 

Regaip sözi ençeme haýy-yhsan manysyny berýär. 

Şu gije Beýik Allatagallanyň rehnetiniň, bagyşlmalarynyň we kömekleriniň paýlanýandygyna ynanylýar.  



Degişli Habarlar