“Zap Etrapçasy Umuman Alnanda Terrordan Saplandy”

Hulusi Akar, düýn paýtagt Ankarada metbugata beýannama berdi.

1937182
“Zap Etrapçasy Umuman Alnanda Terrordan Saplandy”

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Yragyň demirgazygynda ýerleşýän Zap etrapçasynyň umuman alnanda terrordan saplanandygyny mälim etdi.

Hulusi Akar, düýn paýtagt Ankarada metbugata beýannama berdi.

Zap etrapçasynyň terrordan saplanmagy maksady bilen alnyp barylýan “Penje Gulp” operasiýasynda ýetilen sepgit hakynda maglumat beren Akar, Türkiýäniň Yragyň we Siriýanyň başda durmagynda ähli goňşularynyň serhetlerine, özygtyýarlylyk hukuklaryna we territorial bitewiligine sarpa goýýandyklaryny aýtdy.

Türk ýaragly güýçleriniň ýeke-täk maksadynyň terrorçylary ýok etmekdigini nygtan Akar, “Biz ýurdumyzyň, halkymyzyň howpsyzlygyny üpjün etmek etmek isleýäris we munyň üçin elimizden geleni edýäris” diýdi.

Terrora garşy egilşikiz göreşiň dowam edýändigini aýdan Akar “Penje Gulp operasiýasy zolagynda uly öňe gidişlik edildi. Zap etrapçasy umuman alnanda terrordan saplandy. Birnäçe ýyldan bäri ol ýerde iş alyp barýan terrorçylaryň gowaklaryna çenli girildi. Gowaklary, gaçybatalgalary we ammarlary ýykyldy. “Penje Gulp” operasiýasy bilen Yrak serhedinde 302 kilometrlik meýdan howpsyz ýagdaýa getirildi. Operasiýada häzire çenli 506 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Terrorçylardan tarapyndan ulanylýan 600-e golaý gowak we gaçybatalga bilen 2 müňden gowrak partlaýjy maddasy hatardan çykaryldy. Operasiýada terrorçylara degişli 1174 ýarag bilen 533 müň 275 ok-däri ele geçirildi” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar