Türkiyeden ugradylan Ýagşylyk otlusy Owganystana baryp ýetdi

Ynsanperwer kömegiň düzüminde esasan hem azyk önümleriniň, gyşky egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, halylaryň, ýorganlaryň, arassaçylyk serişdeleriniň, maýyplar üçin paýtunlaryň we tikin maşynlaryň bardygy mälim edildi

1936899
Türkiyeden ugradylan Ýagşylyk otlusy Owganystana baryp ýetdi

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň (AFAD) koordinasiýasynda, merkezleri Türkiyede ýerleşýän jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen üpjün edilen ynsanperwer kömek daşaýan "7-nji Ýagşylyk otlusy" Owganystanyň Hyrat welaýatyna baryp ýetdi. 

AFAD-yň resmileri otlynyň düzüminde jemi 500 tonnadan gowrak ynsanperwer kömegiň bardygyny we ynsanperwer kömekleriň öňümizdäki günlerde öýlerinden göçürilenler başda bolmak bilen ýurduň tapawutly welaýatlaryndaky mätäç bolan adamlara ýetiriljekdigini habar berdiler. 

Ynsanperwer kömegiň düzüminde esasan hem azyk önümleriniň, gyşky egin-eşikleriň, aýakgaplaryň, halylaryň, ýorganlaryň, arassaçylyk serişdeleriniň, maýyplar üçin paýtunlaryň we tikin maşynlaryň bardygy mälim edildi. 

Owganystandaky ynsanperwer krizisi ýeňilleşdirmek maksady bilen ozal Türkiyeden ugradylan we jemi 7 müň tonna bolan ynsanperwer kömek daşaýan 6 aýry Ýagşylyk otlusy bilen ugradylan kömekler aralarynda ejir çekenler, ýetimler, dul aýallar we  maýyplar bolan jemi 700 müňden gowrak owgan raýatyna paýlanypdy. 



Degişli Habarlar