Gollandiýanyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Gollandiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Türkiyäniň Daşary işler ministrligine çagyryldy

1937104
Gollandiýanyň ilçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Gollandiýanyň Gaaga şäherinde Yslama duşman bolan bir şahsyýetiň 22-nji ýanwarda mukaddes kitabymyz bolan Gurhany nyşana alyp, guran haýyn hüjümini iň berk ýagdaýda ýazgarýarys. Şwesiýadan soň indi bolsa Gollandiýada başdan geçirilen we mukaddes gymmatlyklarymyza dil ýetirilýän we ýigrenç esasynda jenaýat bolan bu haýyn aksiýa, Yslam duşmançylygynyň, diskriminasiýanyň we daşary ýurt duşmançylygynyň Ýewropada mundan beýläk çäginiň bolmandygynyň aýdyň mysalydyr. Şol aksiýalar diňe musulmanlaryň däl, eýsem bütin adamzadyň adaty hukuklaryny we azatlyklaryny, ruhy gymmatlyklaryny we jemgyýetçilik hoşniýetliligi gönüden nyşana alýar, mundan başgada bir ýerde parahatçylyk içinde ýaşamak medeniýetine zyýan ýetirýär. Gollandiýanyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi ministrligimize çagyrylyp, şol erbet we haýyn aksiýany ýazgarýandygymyzy we protest edýändigimizi iň berk ýagdaýda beýan etdik. Gollandiýanyň bular ýaly görnüşli meçew beriji aksiýalara rugsat bermezligini talap etdik. Gollandiýanyň resmileriniň wakanyň jogapkärlerine garşy gerek bolan çärelerini görmegini, bular ýaly görnüşli hadysalaryň gaýtalanmagynyň öňüni alynmagy maksady bilen anyk çäreleri görmeklerine garaşýarys" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar