Baýraktar Gyzylalma synag uçuşyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady

Türkiyäniň ilkinji uçarmansyz uçary Baýraktar Gyzylalma, 2-nji synag uçuşynda ulgam kesgitleýiş synagyndan üstünlikli ýagdaýda geçdi

1936998
Baýraktar Gyzylalma synag uçuşyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady

Baýkar kärhanasyndan berilen beýannama görä, kärhananyň dolulygyna öz maýasy bilen milli we özboluşly ýagdaýda özgerden Türkiyäniň ilkinji uçarmansyz harby uçary Baýraktar Gyzylalma 2-nji synag uçuşynda ulgam kesgitleýiş synagyndan üstünlikli ýagdaýda geçdi.

Baýkar kärhanasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň başlygy we Tehnologiýa lideri Selçuk Baýraktar sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Baýraktar Gyzylalma 2-nji synag uçuşynda ulgam kesgitleýiş synagyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady. Ýoly açyk bolsun" diýip belledi. 



Degişli Habarlar