Prezident Erdogan Kagythane-Stambul howa menzili metro liniýasynyň açylyş darabarasyna gatnaşdy

Prezident Erdogan Stambulyň dünýäde iň köp relsli ulgama eýe bolan şäherleriň hatarynda durýandygyny beýan etdi

1936247
Prezident Erdogan Kagythane-Stambul howa menzili metro liniýasynyň açylyş darabarasyna gatnaşdy

Prezident Rejep Taýýip Erdogan Kagythane-Stambul howa menzili metro liniýasynyň açylyş darabarasyna gatnaşdy.

Açylyş dabarasynda çykyş eden Prezident Erdogan günde 800 müň ýolagça niýetlenen şu metro liniýasynyň saýasynda Kagythaneden Stambul howa menziline 24 minutda baryp boljakdygyny habar berdi. 

Türkiyäniň şu taslamasy bilen metro gurluşygy babatyndaky güýjüni we başarnygyny bütin dünýä subut edendigini aýdan Prezident Erdogan: "Stambul dünýäde iň köp relsli ulgama eýe bolan şäherleriň hatarynda durýar. Gurluşygy dowam eden metro liniýalary dolulygyna işlap başlan mahaly Stambulyň relsli ulgamlary bilen ýetip bolmajak ýeri galmaz" diýip mälim etdi. 

Erdogan Gara deňizi Ortaýer deňizi bilen birleşdirjek Kanal Stambul taslamasy bilen hem Bosfor bogazynyň ýüküni ýeňletjekdiklerini hem-de Stambulyň marka gymmadyny beýgeltjekdiklerini habar berdi. 

Erdogan dabarada eden çykyşynda Türkiýäniň täze bir saýlaw tapgyryndadygyny ýatlatdy.  

Geçmişde käbir töwerekleriň köçelerdäki aksiýalary, terror we harby agdarlyşyk synanyşyklary bilen Türkiýäniň ösmegine päsgel bermäge synanyşandygyny aýdan Prezident Erdogan, Türkiyäniň ençeme synagdan üstünlik bilen hötdesinden gelendigini beýan etdi. 

Prezident Erdogan: "Käbir töwerekler ykdysadyýetimizi weýran etmek ugrunda ençeme ädim ettiler, emma onuň hötdesinden gelip bilmediler, mundan soň hem gelip bilmezler" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar