Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-na bardy

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly resmi sapar bilen ABŞ-na bardy

1934349
Türkiyäniň Daşary işler ministri ABŞ-na bardy

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ABŞ-na guraýan sapary bilen bagly sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Türkiye-ABŞ Strategik mehanizmiň II Ministrler maslahatyny geçirmek, raýatlarymyz bilen duşuşmak we biri-birinden tapawutly duşuşyklar geçirmek maksady bilen ABŞ-na sapar guraýaryn" diýip habar berdi. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda bolsa, Mewlüt Çawuşoglynyň saparynyň çäginde 18-nji ýanwarda ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinken bilen Türkiye-ABŞ Strategik mehanizmiň çäginde, paýtagt Waşingtonda ikiçäk duşuşyk geçirjekdigi habar berildi.

Geçiriljek ikiçäk duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ählitaraplaýyn ele alynmagy we sebitleýin meseleler boýunça pikir alyşylmagy göz öňünde tutulýar. 

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglnyň ABŞ-na sapary 20-nji ýanwara çenli dowam eder. 



Degişli Habarlar