Türkiyäniň Milli söweşjeň uçarynyň angardan çykarylmagyna taýarlyk görülýär
Türkiyäniň iň möhüm tehnologiýa taslamalarynyň biri bolan Milli söweşjeň uçarynyň (MMU) angardan çykarylmagyna taýarlyk görülýär

Türk awiasiýa we älem senagat edarasy TUSAŞ-yň Baş müdüri Temel Kotil, mesele bilen bagly beýannama berdi.
Temel Kotil MMU taslamasynda halk köpçüligine görkezilen surat materiallary barada: ""MMU-ny dwigateli işletdirilip, angardan çykarylmagy üçin taýar ýagdaýa getirdik. Mundan soň dabara üçin Hormatly Prezidentimiz Rejep Taýýip Erdogandan güne garaşýarys" diýip habar berdi.
Ýeňil söweşjeň uçary Hürjet-iň prototipleriniň biriniň mehaniki synagdan geçirilendigine ünsleri çeken Temel Kotil, uçjak Hürjet-iň hem şassiniň üstündedigi barada maglumat berdi.
Temel Kotil Atak-2 dikuçarynyň esasy böleginiň tamamlanyp barýandygyny, onuň hem ýakyn wagtda şassiniň üstünde boljakdygyny mälim etdi.
Türk goranyş senagatynyň eksportda uly abraýa eýe bolýandygyna ünsleri çeken Temel Kotil, 2022-nji ýylda takmynan 40 göterimlik artyş bilen 4 milliard dollardan geçendigini belledi.
Uçarmansyz harby uçar Anka-3 taslamasy barada bolsa Temel Kotil: "Anka-3-i öňümizdäki aýlarda çykararys. Anka-3 radarlarda görünmez, düzümindäki ulgamlary tiz wagtda nyşana alynjak ýere alyp gider" diýip nygtady.
2023-nji ýylyň başyndan başlap, ençeme önümiň subut edilmäge başlanjakdygyny aýdan Temel Kotil: "Hürjet, Anka-2, MMU taslamalaryny tamamlan mahalymyz, dünýä örän üýtgär" diýip habar berdi.