"Ýurdumyzy Täze Maýa Goýumlar we Täze Taslamalar Bilen Türkiýe Asyryna Taýarlaýarys"

Prezident Erdogan Antalýa iş saparyny gurady

1929381
"Ýurdumyzy Täze Maýa Goýumlar we Täze Taslamalar Bilen Türkiýe Asyryna Taýarlaýarys"

Prezident R. T. Erdogan iş sapary bilen Antalýa bardy.

Prezident Erdogan saparynyň çäginde halka ýüzlenip eden çykyşynda, Türkiýäniň täsiriniň ýerleşýän sebitinde we dünýäde gün saýyn güýçlenýändigine ünsi çekdi.

Erdogan “Epidemiýadan söweşe, energiýadan azyk howpsyzlygyna çenli dünýäniň uly kynçylygy başdan geçirýän döwründe ýurdumyz maksatlaryna ýetmek üçin aýgytly ädimler bilen öňe barýar” diýdi.

Prezident Erdogan “20 ýyldan bäri hökümetiň başynda bolan hökümetimiz uly taslamalary durmuşa geçirdi. Ýurdumyzy ähli taraplaýyn täze maýa goýumlar we täze taslamalar bilen Türkiýe asyryna taýarlaýarys. 2023-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň gurlan gününiň 100 ýyllynda täze desgalar ulanylmaga berler” diýip belledi.

 

 



Degişli Habarlar