“Galla Geçelgesi Azyk Ýetmezçiliginiň Ortadan Aýrylmagynda Uly Rol Oýnady”

Ministr Kirişçi, Russiýa-Ukraina söweşiniň azyk ýetmezçiligine sebäp bolandygyny belledi.

1929261
“Galla Geçelgesi Azyk Ýetmezçiliginiň Ortadan Aýrylmagynda Uly Rol Oýnady”

Oba we tokaý hojalygy ministri Wahit Kirişçi, Gara deňiz galla geçelgesiniň dünýäde başdan geçirilýän azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnaýandygyny aýtdy.

Ministr Kirişçi, Stambulda eden çykyşynda, Russiýa-Ukraina söweşiniň azyk ýetmezçiligine sebäp bolandygyny belledi.

Kirişçi, “5-nji ýanwara çenli Gara deňiz galla geçelgesinden 626 gämi geçdi. Şol gämiler bilen 16,8 million tonna galla daşaldy. Gallanyň 54 göterimi Ýewropa, 28 göterimi Aziýa, 12 göterimi Afrika, 6 göterimi hem Ýakyn Gündogar ýurtlaryna ýetirildi. Galla geçelgesi dünýäde başdan geçirilýän azyk ýetmezçiliginiň ortadan aýrylmagynda uly rol oýnady” diýip belledi.

 



Degişli Habarlar