Prezident Erdogan: "Ýagdaýa görä liderler hökmünde duşuşyk geçireris" diýdi

Prezident Erdogan Siriýa bilen bagly: "Ýagdaýa görä liderler hökmünde duşuşyk geçireris" diýip habar berdi

1928636
Prezident Erdogan: "Ýagdaýa görä liderler hökmünde duşuşyk geçireris" diýdi

Prezident Erdogan paýtagt Ankara şäherinde Adalat we ösüş partiýasynyň Giňeldilen welaýat başlyklarynyň maslahatynda söz sözledi. 

Şu gün irden Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny ýatladan Prezident Erdogan, Russiýa-Ukraina söweşini giňişleýin maslahatlaşandyklaryny habar berdi. 

Sebitde nämeler edip biljekdiklerini ele alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, Türkiye-Russiýa gatnaşyklaryny hem maslahatlaşandyklaryny mälim etdi. 

Siriýa meselesinde Russiýa-Türkiye-Siriýa hökmünde Milli Howpsuzlyk gulluklarynyň başlyklarynyň we Goranmak ministrleriniň Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde geçen hepde duşuşyk geçirmekleri bilen tapgyr başladandyklaryny aýdan Prezident Erdogan: "Indi bolsa Daşary işler ministrlerimizi üçtaraplaýyn häsýetde bir ýere jemläris. Ondan soň bolsa ýagdaýa görä liderler hökmünde duşuşyk geçireris. Aladamyz sebitde asudalygy, durnuklylygy üpjün etmek, sebitde parahatçylygy ýola goýmak" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar