Prezident Erdogan 1 Ýylda 21 Ýurda 27 Sapar Gurady

Erdogan, 2022-nji ýylda halkara parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla etdi.

1925801
Prezident Erdogan 1 Ýylda 21 Ýurda 27 Sapar Gurady

Prezident R. T. Erdogan, 2022-nji ýylda halkara parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin diplomatiýa taýdan uly tagalla etdi.

Prezident Erdogan 2022-nji ýylda 21 ýurda 27 sapar gurady.

Erdogan 24-nji fewralda başlan Ukraina-Russiýa söweşinden soň, Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin we Ukrainanyň prezidenti Wladimir Zelenskiý bilen duşuşan ýeke-täk lider hökmünde diplomatiýa taýdan uly tagalla edýär.

Prezident Erdogan geçiren gepleşikleri bilen dünýäde azyk ýetmezçiliginiň öňüniň alynmagy taýdan uly ähmiýete eýe bolan galla geçelgesi ylalaşygynyň açylmagynda uly rol oýnady.

Bir ýylyň dowamynda daşary ýurtly birnäçe lideri myhman alan Erdogan, ýurduň içinde hem dürli çärelere gatnaşdy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar