Fransiýanyň Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

Fransiýanyň ilçisi Margo, Daşary işler ministrligine çagyryldy we Fransiýanyň köçelerinde Türkiýä garşy başladylan garalama propagandasyna reaksiýa bildirildi.

1924028
Fransiýanyň Ilçisi Daşary Işler Ministrligine Çagyryldy

Fransiýanyň Ankaradaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Erwe Margo, Daşary işler ministrligine çagyryldy we Fransiýanyň köçelerinde Türkiýä garşy başladylan garalama propagandasyna reaksiýa bildirildi.

Diplomatik töwerekleriň berýän magumatyna görä, ilçi Margo Daşary işler ministrligine çagyryldy.

Daşary işler ministrligine çagyrlan Margo, Parižde 23-nji dekabrda Fransiýanyň raýaty tarapyndan guralan hüjümi bahana edip, ekstremist terror guramasy PKK/PÝD/ÝPG-niň tarapdarlarynyň Türkiýä garşy başladan garalama propagandasynyň we fransuz hökümetiniň ýolbaşçylary bilen käbir syýasatçylaryň şol propaganda goldaw bermekleriniň Türkiýäni bynjalyk edendigi beýan edildi we reaksiýa bildirildi.

Diplomatik töwerekler, Türkiýäniň Pariždäki ilçihanasy arkaly hem waka berk garşylyk görkezendigini mälim etdi.

Türkiýäniň, Fransiýanyň ady agzalýan wakalara garşy parasatly hereket etmegine we terror guramasynyň propagandasyny dowam etdirmeginiň öňüniň alynmagyna garaşýandygy nygtaldy.



Degişli Habarlar