Öz Kolonial Geçmişi Bilen Ýüzleşmeýänler Adam Hukuklaryny Öňe Sürýärler

Prezident R.T.Erdogan öz kolonial geçmişleri bilen ýüzleşme edermenligini görkezip bilmeýänleriň agyzlaryny her açanlarynda adam hukuklaryny, hukugyň üstünligini öňe sürýändigini aýtdy.

1922940
Öz Kolonial Geçmişi Bilen Ýüzleşmeýänler Adam Hukuklaryny Öňe Sürýärler

Erdogan Stambulyň Dolmabahçe köşkünde geçirilen Yslam dünýäsiniň Konstitutsion kazyýet maslahatynda çykyş etdi.

Erdogan şu gün açylan we iki gün dowam etcek maslahatda hukugyň üstünligine, demokratiýa we adam hukuklaryna sarpa goýmak ýaly temalarda neticeli hem-de peýdaly pikirleriň ara alynyp maslahatlaşylcakdygyny nygtady.

“Yslam dünýäsi esasanda hukuk we adalat meselesinde esasy bölegi nähak, esassyz we ýerliksiz tankytlara sezewar bolýar” diýen Prezident Erdogan; “Öz kolonial geçmişleri bilen ýüzleşme edermenligini görkezip bilmedikler agyzlaryny her açanlarynda bize adam hukuklary, hukugyň üstünligi hakda gürrüň berýärler. Öz howpsuzlyklary melesinde daş üstünde daş, göwre üstünde baş goýmaýanlar biziň hukuk we adalat ulgamlarymyza at dakýarlar. Dünýäniň ençeme ýurdunda ganhor terror guramalaryny goldamakdan çekinmeýänler bize adamyň canynyň mukaddesligi hakynda nutuk aýdýarlar” diýdi.

Prezident Erdogan; “Siriýaly, yrakly, afrikaly immigrantlara gapysyny ýapan guramalar, nobat PKK we Fetullahçy terrorçylara gelende şeýle hoşniýetli çemeleşýärler” diýdi.

 



Degişli Habarlar