Prezident TRT World Forumda Dünýä Yglan Etdi

Erdogan galla melesini çözmek maksady bilen Putin we Zelenskiý bilen telefon arkaly gepleşik geçirjekdigini beýan etdi.

1916897
Prezident TRT World Forumda Dünýä Yglan Etdi

“Putin we Zelenskiý bilen bugdaý meselesini ara alyp maslahatlaşjak”

“Geljegi Şekillendirmek: Näbellilikler, Hakykatlar we Pursatlar” temasy bilen şu ýyl 6-njysy guralan TRT World Forum 2022-niň açylyşynda çykyş eden R.T.Erdogan aktual meseleler hakynda möhüm ýüzlenmeler berdi.

40 ýurtdan we Türkiýeden alymlaryň syýasatçylaryň, žurnalistleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagyndaky Forumyň açylyşyna Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý hem göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy.

TRT World Forumyň "üstünligi ýylsaýyn artýar”

Forumyň soňky iki ýyldan bäri pandemiýa sebäpli onlaýn formatda geçirilendigini beýan eden Erdogan; “Şu gün siziň bilen didarlaşmakdan diýseň hoşal. 6-njysy guralýan forumyň global derejede ynsanperwer, sosial we diplomatik gatnaşyklar taýdan möhüm platforma öwrülendigini görýäris. Her ýyl ykdysadyýet, syýasat, howpsuzlyk, tehnologiýa we halkara gatnaşyklar ugurlarynda ençeme bilermen şu platformada möhüm garaýyşlaryny gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirmäge şert tapýar. Global gün tertibini ýerlikli beýan edýän temalaryň çäginde edilýän pikir alyşmalar adamzadyň başdan geçirýän kynçylyklarynyň çözülmegine goşant goşýar” diýdi.

Prezident Erdogan aragatnaşyk pudagynda iş alyp barýanlaryň diskussiýalarynyň ýurdy dolandyrma jogapkärçiligini göterýän syýasatçylar üçin iňňän peýdalydygyny beýan edip, “Ýurdumyz, sebitimiz we bütin dünýä üçin möhüm goşant goşýan TRT World Forumyň üstünlikleriniň ýylsaýyn artdyrýandygyna ynanýaryn” diýdi.

Türkiýeden we daşary ýurtlardan gatnaşýan, tejribeleri bilen foruma uly goşant goşýan ylym, media we syýasat pudagyna sagbolsun aýdan Erdogan; “TRT-niň ýolbaşçylaryny we şu ajaýyp çärä goldaw beren ähli guramalarymyzy goldaýaryn, forumyň düşümli bolmagyny arzuw edýärin. TRT hem ýaýlymlary we önümleri hem-de şeýle platformalary arkaly halkara aragatnaşyk ulgamlarynda uly täsir galdyrýan milli ýaýlym organymyzdyr. “Ilki ynsan” ýörelgesinden hereket edip, iş ýüzüne geçirýän taslamalary bilen möhüm işleriň hötdesinden gelýän TRT, dymýan halklaryň gür sesi missiýasyny ýerine ýetirýär.”

“Iň bir üns berilýän gepleşikleriň TRT-niň önümleri durýar”

Erdogan, TRT-niň adaty ýörelgelere garşy durmak, dogry maglumaty dünýäniň dykgatyna ýetirmek we halkara ýaýlym ulgamynda belli toparlaryň monopoliýasyny ortadan aýyrmagy nazarda tutma maksatlary bilen hökmürowan media ulgamyna garşy alternatiw hödürleýändigini nygtap;

“TRT World we TRT Arabi bilen başlan täzelik, 2020-nji ýylda nemes we rus dillerinde ýaýlym berýan digital ýaýlymlaryň açylmagy blen güýçlendi. Fransuz we Balkan dillerindäki digital kanallar bilen halkara ýaýlym sferasyny giňelden TRT, 2023-nji ýylda ispan we pars dillerindäki digital ulgamlarda ösüşini dowam etdirer. Maksadymyz ýurdumyz bilen bilelikde bütin dünýäde gowulyň, dogrulygyň we hakykatyň sözçüligini etmeklikdir. Soňky ýyllarda ähli ugurda bolşy ýaly ýaýlym taýdan hem uly ösüş etdik. Esasanda TRT-niň gumanitar gymmatlyklary goramak, dowam etdirmek we olary beýgeltmek ugrundaky kontentleri ýurdumyzda we daşary ýurtlarda halanýar. Telegörüjileriň esasan isleg bildirýän, gyzyklanýan gepleşikleriniň başynda indi TRT-niň önümleri durýar” diýdi.

Prezident Erdogan “Bir döwürler daşary ýurt seriallarynyň hüjümine sezewar bolan ýurdumyz, häzirki döwürde dünýä derejesinde kino, serial, dokumental film öndürýär” diýdi.

“Putin we Zelenskiý bilen gepleşik geçirjek”

Galla ýetmezçiligi hakynda münberden bugdaý bilen ýüzlenen Prezident Erdogan; “Bu meseläni çözmek maksady bilen ýekşenbe güni Hormatly Putin bilen gepleşik geçirjek. Şeýle hem Hormatly Zelenskiý bilen gepleşik geçirerin” diýdi we sözlerini şeýle dowam etdirdi: “Ukrainanyň territorial bitewiliginiň tarapynda durýarkak Russiýa garşy ýerliksiz syýasatlar bilen ebitdäki oduň alawlandyrylmagyna hem garşy durduk.”

Galla ylalaşygynda Türkiýäniň liderligine şaýatlyk etdik”

TRT World Foruma onlaýn formatda gatnaşan Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bolsa, azyk ýetmezçiliginiň bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirendigini nygtap; “Azyk ýetmezçiligi bütin dünýä ýaramaz täsir ýetirdi, ol hem meniň pikirimizi tassyklaýar. Şu ýyl başdan geçirilen azyk ýetmezçiligi global bazarlarda durnuksyzlyga sebäp boldy. Afrika we Aziýa ýurtlarynyň başda durmagynda ençeme ýurt azyk ýetmezçiliginiň ýaramaz täsirlerinden zyýan çekdi” diýdi.

“Batyrgaý esgerlerimiz Russiýa garşy söweşdi we diplomatiýamyzyň saýasynda Gara deňizdäki 3 portdan eksportuň dowam etmegini ýola goýduk. Elbetde ol oba hojalyk önümlrini sarp edýän ýurtlar üçin hakykatdan hem adatdan daşary ýagdaý we ol biziň güýjümiz. Türkiýäniň, Ukrainanyň we BMG-niň tagallasy netijesinde hakykatdan hem halklarymyzy we bähbitlerimizi goranymyz üçin ýoksullyk howpuny ortadan aýyrdyk” diýen Zelenskiý, galla ylalaşygynyň halkara hukuk taýdan möhüm pozisiýa eýeländigini nygtap, “Galla ylalaşygynda Türkiýäniň liderligine şaýat bolduk” diýdi.

TRT World Forum 2022, iki günüň dowamynda Türkiýäniň Daşary işler minsitri Mewlüt Çawuşogluny, Ukrainanyň Prezidenti Zelenskiýni, Albaniýanyň Premýer-ministri Edi Ramany, ÝB-niň Türkiýe Toparynyň Başlygy Nilolas Meýer-Landurty, Ruandanyň Daşary işler ministri Winsent Birutany, Rumyniýanyň ozalky premýer-ministri Wiktor Wiorel Pontany, ABŞ-nyň döwlet Sekretarynyň ozalky orunbasary Mark Kimmiti, Latwiýanyň ozalky Prezidenti Wiaira Wike-Freibregany, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusy, BMG-niň Türkiýedäki Utgaşdyryjysy Alwaro Rodrigezi, SOKAR-yň Türkiýedäki Wekili Zaur Gahramanowy we Ýewropa Parlamentiniň agzasy Rysrard Zarneski ýaly tanymal adamlary myhman eder.

TRT World Forum 2022, TRT World Forum Twitter we ÝouToube hasaplaryndan göni alynyp görkezilýär.



Degişli Habarlar