“Türkiýäniň Galla Geçelgesi Ylalaşygy Üçin Eden Tagallasyna Minnetdarlyk Bildirýäris”

Ruminiýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku, Ankarada Saparda Boldy

1915600
“Türkiýäniň Galla Geçelgesi Ylalaşygy Üçin Eden Tagallasyna Minnetdarlyk Bildirýäris”

Ruminiýanyň Daşary işler ministri Bogdan Auresku, Türkiýäniň galla geçelgesi ylalaşygy üçin eden tagallasyna minnetdarlyk bildirýändiklerini aýtdy.

Ministr Auresku, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen paýtagt Ankarada bolan duşuşygyndan soň metbugata beýannama berdi.

Ministr Çawuşogly bilen geçiren duşuşygynda, Türkiýe bilen Ruminiýanyň arasynda özara gatnaşyklar we iki ýurduň başdan geçirýän kynçylyklary hakynda pikir alyşandyklaryny aýdan Auresku, Ankara bilen Buharestiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi meselesini hem ara alyp maslahatlaşandyklaryny ýatlatdy.

Ankara bilen Buharesiň arasynda ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlyk geňeşiniň gurulmagy meselesinde ylalaşyk gazanandyklaryny we ady agzalýan ýokary derejeli strategik hyzmatdaşlygyň 2023-nji ýylyň birinji ýarymynda gurulmagyny umyd edýändiklerini aýdan Auresku, geçen ýyl 8,6 milliard dollara barabar bolan özara söwda mukdaryny şu ýyl 10 milliard dollara ýetirmegi maksat edinýändiklerini ýatlatdy.

Ruminiýanyň Daşary işler ministri Auresku, Çawuşogly bilen geçiren duşuşygynda energetika we Gara deňiziň howpsyzlygy hakynda hakynda hem pikir alyşandyklaryny belledi.

Türkiýe bilen BMG-nyň töwellaçylyk etmeginde gazanylan galla geçelgesi ylalaşygynyň ähmiýetine ünsi çeken Auresku, “Türkiýäniň galla geçelgesi ylalaşygy üçin eden tagallasyna minnetdarlyk bildirýäris” diýdi.

 



Degişli Habarlar