TBMM-niň başlygy kubaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Mustafa Şentop, Kubanyň Halkynyň Güýji Milli Mejlisiniň başlygy Esteban Lazo Ernandes bilen duşuşyk geçirdi

1915674
TBMM-niň başlygy kubaly kärdeşi bilen duşuşyk geçirdi

TBMM-niň Başlygy Mustafa Şentop, paýtagt Ankara şäherinde toparara gepleşikleriň maslahatynda eden çykyşynda, iki ýurduň we halklarynyň arasynda uzak aralyga garamazdan biri-birine ýakyn we dostlukly duýgularyň bardygyny, onda iki ýurduň garaşsyzlygy ugrunda alyp baran aldym-berdimli göreşinde biri-birine goýan hormadynyň uly rolunyň bardygyny habar berdi. 

Mustafa Şentop şol göreşiň dünýäniň ençeme ýurduna nusga we ylham çeşmesi bolandygyny beýan etdi. 

ABŞ-nyň Kuba garşy girizen sanksiýalarynyň üstünde durup geçen Mustafa Şentop, Kubanyň embargonyň aýrylmagy üçin BMG-nyň Baş Assambleýasyna hödürleýän kanun taslamasyny Türkiýäniň her ýyl goldaýandygyny ýatlatdy. 

Kubanyň eýýäm ençeme ýyllap dowam edýän adalatsyz sanksiýalara garamazdan ýörelgeli tutumynyň Kubany hem Türk hökümetiniň hem-de halkynyň gözünde aýratyn bir oruna goýandygyny aýdan Mustafa Şentop: "Kubanyň ABŞ tarapyndan sezewar galan adalatsyz we bikanun sanksiýalaryna her platformada garşy çykýarys. Kubanyň we halkynyň bagtyýarlygy üçin uly kynçylyklar döredýän ynsanyýetçiliksiz embargonyň indi aýrylmagyny dileýäris" diýip belledi. 

Kubanyň Halkynyň Güýji Milli Mejlisiniň başlygy Esteban Lazo Ernandes hem öz gezeginde ABŞ-nyň ýurduna garşy goýan embargosyna garşy Türkiyäniň berýän goldawlary üçin minnetdarlyk bildirip, hökümetara gatnaşyklary bilen birlikde parlamentara gatnaşyklaryň hem ösdürilmeginiň gerekdigini nygtady. 

Berilen beýanatlardan soň Mustafa Şentop we Esteban Lazo Ernandes parlamentara hyzmatdaşlyk protokolyna gol çekişdiler. 



Degişli Habarlar