Siirt welaýatynda "Eren Gabaw güýz-gyş" operasiýasy başladyldy

Türkiyäniň Siirt welaýatynda ekstremist terror guramasy PKK-a garşy "Eren Gabaw güýz-gyş" operasiýasy başladyldy

1914874
Siirt welaýatynda "Eren Gabaw güýz-gyş" operasiýasy başladyldy

Türkiyäniň Içeri işler ministrliginden berilen beýanata görä, terror guramasy PKK-ny ýurduň güntertibinden çykarmak we sebitde bardygy anyklanan terrorçylary täsirsiz ýagdaýa getirmek maksady bilen Siirt welaýatynda täze operasiýa başladyldy. 

533 howpsuzlyk gullukçysynyň gatnaşmagynda geçirilýän operasiýanyň ilkinji gününde Siirt welaýatynyň Perwari etrabynda gözleg we saplaýyş işlerinde, 1 sany AK-47 tüpeňi, 270 sany AK-47 tüpeňiniň oky, 4 sany AK-47 tüpeňiniň magazini, 4 kg neşe maddasy, 1 sany generator, 2 sany torba, 2 sany halta ýorgan bilen 13 sany batareýa ele salyndy. 


Etiketkalar: #PKK , #operasiýa , #Türkiye , #Siirt

Degişli Habarlar