Terrorçy Kemal Pir Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Terrorçynyň “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda guralan terrorçylykly hüjümlerde uly rol oýnandygy anyklandy.

1913808
Terrorçy Kemal Pir Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi

Siriýada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň Tel Tamir welaýatyndan jogapkär ýolbaşçysydygy aýdylýan Kemal Pir, Milli howpsyzlyk gullugy tarapyndan geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Terrorçynyň Siriýada Türk ýaragly güýçleriniň geçiren “Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy zolagynda guralan terrorçylykly hüjümlerde uly rol oýnandygy anyklandy.

Milli Howpsyzlyk gullugy tarapyndan yzarlanan terrorçy Siriýada geçirlen operasiýada täsirsiz ýagdaýa getirildi.

Beýleki tarapdan Şyrnak welaýatynda geçirlen operasiýada, ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-nyň agzasy Janfeda lakamly Azad Öngüç, konteýnerde ýurda girmäge synanşýarka saklandy.

Terrorçynyň 2018-nji ýylyň 30-njy martynda Siirtde howpsyzlyk güýçlerine guralan 6-sy sakçy jemi 7 adamyň şehit bolmagyna we 12 hünärmeniň ýaralanmagyna sebäp bolan ýaragly hüjüm bilen birlikde birnäçe hüjüme gatnaşandygy anyklandy.

 



Degişli Habarlar