Prezident Erdogan II Halkara Strategik aragatnaşyk sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan, halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerini terrorçylykly aksiýalardaky ikiýüzli çemeleşmesi sebäpli tankyt etdi

1913923
Prezident Erdogan II Halkara Strategik aragatnaşyk sammitine wideo ýüzlenme ugratdy

Prezident Erdogan Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan Stambulda geçirilýän  II Halkara Strategik aragatnaşyk sammitine wideo ýüzlenme ugratdy.

Ýüzlenmesinde sanlylaşdyrma bilen birlikde aragatnaşyk enjamlarynda we habar çeşmelerinde uly üýtgeşmeleriň başdan egçirilendigini aýdan Prezident Erdogan: "Elbetde her täzelik ýaly aragatnaşyk ugrunda başdan geçirilen şol üýtgeşemlerem özi bilen mümkinçilikler bilen birlikde biri-birinden tapawutly howplary getirýär" diýip habar berdi. 

Döwletlerarasy dartgynlykda we bäsdeşlikde sanly ugurlaryň psihologiki hereket elementi hökmünde has ýygy-ýygydan ulanylmaga başlanandygyny aýdan Prezident Erdogan: ""Türkiye hem strategik ýerleşişi, hem alyp barýan asyl syýasatlary, hem sebitleýin we global meselelerdäki ýörelgeli çemeleşmesi sebäpli dünýäde ýalan we maksatly galp habarlara iň köp sezewar galan ýurtlaryň biridir" diýip belledi. 

"Soňky gezek 13-nji noýabrda Stambul şäheriniň Istiklal köçesindäki terrorçylykly aksiýadan soň şaýat bolunan käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň habar dili jogapkärleriň çöregine ýag çalan ýaly boldy" diýip aýdan Prezident Erdogan: "Obýektiw habar bermegiň ýerine Türkiye bilen hasaplaşmagy maksat edinýän bular ýaly görnüşli çemeleşmeleriň indi terk edilmeginiň gerekdigini her pursatda we platformada belläp geçýäris" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar