Adalatly Dünýäde Ýaşamak Mümkin Şygary Bilen Alynyp Barylýan Tagalla Dowam Etdirilýär

Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altun, Türkiýäniň “adalatly dünýäde ýaşamak mümkin” şygary bilen edýän tagallasyny aragatnaşyk ugry bilen hem dowam etdirýändiklerini aýtdy.

1913955
Adalatly Dünýäde Ýaşamak Mümkin Şygary Bilen Alynyp Barylýan Tagalla Dowam Etdirilýär

Altun Stambulda geçirilen Halkara strategik aragatnaşyk sammitinde çykyş etdi.

Türkiýäniň halkara arenada eýeleýän pozisiýasyna ünsleri çeken Altun; “Global näbellilikler zamanasynda Türkiýe Prezidentimiz R.T.Erdoganyň liderliğinde durnuklaşdyryjy güýje öwrüldi. Türkiýe sebitleýin güýç we global aktýor hökmünde diňe bir durnukly ýurt bolmagy nazarda tutýar, şol bir wagtda-da sebitini durnuklaşdyryjy güýç hökmünde-de işjeň daşary syýasat performansyna eýe. Onuň soňky mysaly Hormatly Prezidentimiziň 24-nji fewralda başlan Russiýa-Ukraina söweşinde iş ýüzüne geçiren parahatçylyk diplomatiýasydyr” diýdi.

Fahrettin Altun Türkiýäniň “adalatly dünýäde ýaşamak mümkin” şygary bilen alyp barýan hakykat göreşini aragatnaşy ugry boýunça dowam etdirmäge çalyşýandyklaryny beýan etdi.

Beýleki tarapdan merkezi günbatarda ýerleşýän media esaslanýan garaýyşdan gözbaş alýan global syýasat we ykdysadyýet ulgamynyň şu günki günde konstruktiw bökdençlikleri, çykgynsyzlyklary we näbellilikleri başdan geçirýändigini nygtan Altun; “Täze media tehnologiýalary arkaly abanýan howplarymyza garşy bilelikde göreşeliň” diýdi.

 



Degişli Habarlar