Mewlüt Çawuşogly Warşawada Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär

Maslahatda Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik edýär

1913450
Mewlüt Çawuşogly Warşawada Geçirýän Duşuşyklaryny Dowam Etdirýär
agit genel sekreteri helga schmid-cavusoglu.jpg
vatikan disisleri bakani richard gallagher-cavusoglu.jpg

Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň 29-njy maslahaty Polşada geçirilýär.

Polşanyň döwürleýin ýolbaşçylygynda Lodz şäherinde geçirilýän maslahat 2 gün dowam eder.

Maslahatda Türkiýä Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly wekilçilik edýär

Mewlüt Çawuşogly, sosial mediadan beren habarnamasynda, “Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Ministrler geňeşiniň maslahatynyň çäginde Watikanyň Daşary işler ministri Riçard Gallaxer bilen Ukrainada başdan geçirilýän soňky wakalar bilen birlikde sebitara we halkara meseler hakynda pikir alyşdyk” diýdi.

Mewlüt Çawuşogly iş saparynyň çäginde Azerbaýjanyn Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Helga Şmid bilen özara duşuşyk geçiripdi.

 



Degişli Habarlar