Mewlüt Çawuşogly Italiýa sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi beýannama berdi

1913180
Mewlüt Çawuşogly Italiýa sapar gurar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly, Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde geçiriljek VIII Ortaýer deňizi Dialogy forumyna gatnaşmak maksady bilen Italiýa sapar gurar. 

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen beýanatda: "Hormatly ministrimiz Rimde geçiriljek VIII Ortaýer deňizi Dialogy forumyna gatnaşmak maksady bilen 2022-nji ýylyň 1-2-nji dekabr aralygynda Italiýa sapar gurar, 2-nji dekabr güni gatnaşjak maslahatyň Ýörite dialog atly bölüminde sebitleýin we halkara meseleler bilen baglanşykly daşary syýasatymyz barada çykyş eder" diýip habar berildi. 

Beýanatda saparyň çäginde Mewlüt Çawuşoglynyň daşary ýurtly kärdeşleri we halkara guramalaryň wekilleri bilen duşuşyk geçirmeginiň meýilleşdirilýändigi mälim edildi. 



Degişli Habarlar